Ukrainada ýaşaýan, 21 ýaşly model Waleriýa Lukýanowa özüniň “rus dilli internetdäki iň meşhur rus gyzydygyny ” aýdýar.
Bu onuň öz sypatyny üýtgetmek üçin plastika operasiýasyny etdirip, özüni janly gurjaga, ýagny “Barbi” gurjagyna öwürenligi bilen bagly.
Emma käbir adamlar onuň “Facebook” sahypasynda we öz blogynda ýerleşdiren suratlarynyň digital taýdan üýtgedilip, hil taýdan kämilleşdirilen bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Ýöne, beýleki tarapdan, Waleriýa Lukýanowa özüni “Barbi” gurjagyna meňzetmäge çalyşýan ýeke-täk gyz däl.
Waleriýa Lukýanowanyň plastika hirurgiýadan peýdalanyp, öz görküni üýtgetmek üçin edýän tagallalary şu günki Orsýetde seýrek bolýan ýagdaý däl.
Ýurtda şeýle operasiýalary edýän klinikalar 1990-njy ýyllardan bäri köpelýär, olar tiz ösýär. Bu ýagdaý aýratynam Moskwa degişli.
Käbir tankytçylar muny “Orsýetiň saglygy saklaýyşyndaky iň bir düzgünleşdirilmedik ugur” diýip atlandyrýarlar. Plastika operasiýalarynyň kada laýyk geçirilmän, heläkçilige sebäp bolýan halatlary-da bolýar.
Aýal-gyzlaryň öz keşplerini üýtgetmek we munuň netijelerini surata düşürip, ony internetde ýerleşdirmek modasynyň soňky wagtlar ýurtda “ýokanç kesele” öwrülip ýörendigi bellenilýär.

Teswirleri gör (4)
Has köp teswir ýükle