Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ir döwürki atlar ilkinji gezek Günbatar Ýewraziýada ellekileşdirilipdir


Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada atlary öwrenmek boýunça ylmy iş alyp baran britaniýaly alymlar ir döwürki haýwanlar ilkinji gezek “Günbatar Ýewraziýa sährasynda”, ýagny Gazagystanyň, günorta-günbatar Orsýetiň we Ukrainanyň eýeleýän territoriýasynda ellekileşdirilipdir diýen netijä geldiler.

16 ýyllap alnyp barlan bu ylmy barlagda Orsýetde, Hytaýda, Ukrainada, Gazagystanda,Gyrgyzystanda, Mongoliýada we Litwada 300-den gowrak atyň genetiki nusgasynyň görnüşi, ýagny tüýi toplandy.

Barlaglaryň netijesine laýyklykda, häzirki zaman atlarynyň DNK-synyň giň görnüşiniň bolmagyny köp halatlarda ellekileşdirilen höwür atlarynyň Günbatar Ýewraziýa sährasyndan getirilen ýabany baýtallar bilen bile ösdürilip ýetişdirilmegi bilen düşündirmek mümkin.

Bu barlagyň netijeleri duşenbe güni Britaniýanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň neşirinde çap edildi.
XS
SM
MD
LG