Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Waşingtonda geçjek G-8 toparynyň sammitine gatnaşmaz


Penşenbe güni Orsýetiň prezident administrasiýasy ýakynda prezidentlik wezipesine eýe bolan Wladimir Putiniň Waşingtonyň golaýynda geçiriljek G-8 toparynyň sammitine gatnaşmajakdygyny mälim etdi.

Ozalky planlaşdyrylyşyna görä, bu gürrüňi edilýän sammitiň çäklerinde Orsýetiň prezidenti ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen hem ikiçäk duşuşyk geçirer diýlip garaşylýardy.

Kremliň beýanatynda prezident Wladimir Putiniň häzirki wagt täze hökümeti düzmek aladalary bilen çakdanaşa işlidigi aýdylýar we bu sammite Ministrler Kabinetiniň täze bellenen başlygy Dmitriý Medwedewiň barjakdygy bellenilýär. Waşingtondaky bu sammit 17-18-nji maý günleri geçiriler.
XS
SM
MD
LG