Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabul: parahatçylyk boýunça Geňeşiň agzasynyň janyna kast edildi


Ýekşenbe güni Owganystanyň parahatçylyk boýunça Ýokary Geňeşiniň agzasy, talybanlar bilen gepleşiklerdäki täsirli araçyl wekili Arsala Rahmani näbelli bir adam tarapyndan atylyp öldürildi.

Talybanlaryň ozalky resmisi we soňra hökümetiň araçyl wekili bolup işläp gelen Arsala Rahmaniniň atylyp öldürilmegi hökümetiň parahatçylykly çözgütler ugrunda edýän tagallalaryna urlan bir zarba hökmünde kabul edildi.

Kabulyň polisiýa edarasynyň başlygynyň orunbasary general Dawud Emin bu hüjümiň ýekşenbe güni irden Arsala Rahmaniniň öýüniň golaýynda, köçede amala aşyrylandygyny aýtdy.

Talyban güýçleriniň mundan öň Owganystanyň parahatçylyk boýunça araçyl wekillerini nyşana aljakdyklaryny aýdandyklaryna garamazdan, olar bu hüjümiň özlerine degişli däldigini yglan etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG