Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa: HRW parahat ilatdan ölenleriň sanyna NATO kembaha garaýar diýýär


Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasy Liwiýada Muammar Kaddafini agdarmaklyga ýardam bermek kampaniýasynda parahat ilatdan ölenleriň sanyna NATO kembaha garaýar diýýär.

HRW guramasynyň täze ýaýradan hasabatyna görä, geçen ýyl NATO-nyň Liwiýadaky howa hüjümlerinde parahat ilatdan 72 adam, şol sanda 24 çaga we 20 aýal öldürilipdir.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän bu gurama NATO-ny parahat ilatyň ýitgisiniň öwezini doldurmaga we bikanun bolup biläýjek hüjümleri derňemäge çagyrýar.

HRW-niň bu hasabaty NATO-nyň howa hüjümleriniň pidasy bolanlar barada iň güýçli derňew hasaplanýar we ölenleriň sanynyň mart aýynda “Amnesty International” guramasy tarapyndan ýaýradylan hasabatdaky 55 diýlip berlen sandan has köpdügi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG