Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uýgur lideri Pekini uýgurlary assimilýasiýa edýänlikde aýyplaýar


Dünýä Uýgurlarynyň Kongresiniň bosgunlykdaky lideri Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Ksinjiaň welaýatynda ýaşaýan uýgurlaryň Hytaýyň häkimiýetleri tarapyndan yzygiderli repressiýa sezewar edilýändiklerini aýdýar.

Rabiýa Kadeer uýgurlary assimilýasiýa etmek, ýagny hytaýlaşdyrmak maksady bilen Hytaýyň “yzygiderli” basyş edýändigini duşenbe güni Tokioda geçirilýän konferensiýada eden çykyşynda aýtdy.

Ol Hytaý bilen diňe söwda aragatnaşygyny saklaman, eýsem “adam hukuklarynyň ýagdaýyna hem üns bermäge” halkara jemgyýetçiligine çagyryş etdi.

20 töweregi ýurtdan bolan uýgur aktiwistleri öz garaşsyzlyklary bilen bagly meseläni öňe sürmek üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda ýygnandylar.

Hytaýyň häkimiýetleriniň millionlarça Han hytaýlylary uýgurlaryň ýaşaýan territoriýasyna göçürip, uýgur halkyny gysmaga çalyşýandyklaryny uýgurlar aýdýarlar.

Türki milletden bolan 8,7 million uýgur Ksinjiaň welaýatynyň ýerli halky hasaplanýar. Bu welaýat Merkezi Aziýa, Hindistan, Orsýet we Owganystan bilen serhetleşýär.
XS
SM
MD
LG