Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hokkeý boýunça dünýä ýaryşynda ýarym finalçylar belli boldy


Penşenbe güni hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň çärýek ýaryşynda Orsýetiň komandasy Norwegiýanyň komandasyny 5-2 hasap bilen utup, ýaryşyň ýarym finalyna çykdy.

Şeýle hem, penşenbe güni çärýek finalda Finlýandiýanyň komandasy Birleşen Ştatlaryň komandasyndan 3-2 hasap bilen, Slowakiýanyň komandasy Kanadanyň komandasyndan 4-3 hasap bilen we Çehiýanyň komandasy hem Şwesiýanyň komandasyndan 4-3 hasap bilen üstün çykyp, ýarym finala çykdylar.

Şenbe güni ýarym finalda Orsýetiň hokkeýçileri Finlýandiýanyň hokkeýçileri bilen, Çehiýanyň hokkeýçileri bolsa Slowakiýanyň hokkeýçileri bilen bäsleşerler.
XS
SM
MD
LG