Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Basra şäherinde yraklylar Türkiýäniň hökümetine protest bildirdi


Şenbe güni Yragyň Basra şäherinde, Türkiýäniň konsullygynyň öňünde 200 töweregi protestçi Türkiýäniň hökümetini Yragyň içerki işlerine goşulmazlyga çagyryp, demonstrasiýa geçirdi.

Protestçilerin eden talaplarynyň arasynda Yragyň bosgunlykdaky wise-prezidenti Tarik al-Haşiminiň Türkiýeden Yraga ekstradisiýa edilmegi baradaky talap hem boldy.

Tarik al-Haşimi özüniň ýörite adam öldürmek bilen meşgullanýan ýaragly topary saklandygy barada Yragyň hökümetiniň bildirýän aýyplamalaryny ret edýär. Türkiýäniň häkimiýetleri Tarik al-Haşiminiň Yraga ekstradisiýa edilmejekdigini mälim etdi.

Ýakynda Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan Yragyň premýer-ministri Nuri al-Mälikini ýurduň sünni, şaýy we kürt toparlarynyň arasyndaky dartgynlylygy artdyrmakda aýyplap çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG