Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdatda Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikler başlady


Çarşenbe güni dünýäniň ösen döwletleriniň altysynyň wekilleri Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Yragyň paýtagty Bagdatda maslahata ýygnandylar.

Bu maslahatda Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Hytaýyň, Orsýetiň, Fransiýanyň we Germaniýanyň resmileri Eýranyň ýadro meselesi boýunça araçyl wekili Saed Jalili bilen Tähranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşarlar.

Bu alty döwlet bilen Eýranyň arasynda şu ýylyň aprel aýynda Stambulda geçirilen gepleşiklerde taraplar oňyn bir ylalaşyga gelip bilmediler.
XS
SM
MD
LG