Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Watikanyň gizlin dokumentlerini aýan eden adam tussag edildi


Anna güni Watikanyň resmileri soňky birnäçe aý bäri Italiýanyň mediasyna Watikanyň gizlin dokumentlerini aýan edip gelen adamyň tussag edilendigini mälim etdi.

Ýöne Watikanyň magistratynyň metbugat sekretary bu tussag edilen adamyň kimdigi barada anyk maglumat bermedi.

Ýakynda katolik kelisesiniň ruhy lideri Rim papasy Benedikt Watikana degişli gizlin maglumatlaryň syzyp çykmagynyň kim tarapyndan gurnalýandygyny anyklamaklyga görkezme beripdi.

Bu gizlin dokumentlerden käbirleri Watikanyň administrasiýasyndaky korrupsiýa we onuň bankyndaky eden-etdilikler baradaky maglumatlary-da öz içine alýar. Penşenbe güni Watikanyň bankynyň prezidenti Gotti Tedesçi bankyň geňeşi tarapyndan wezipesinden çetleşdirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG