Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýewrowideniýe” bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy


Halkara “Ýewrowideniýe” aýdym-saz festiwalynyň ýeňijisi, şwesiýaly aýdymçy Lorin. Baku, 27-nji maý, 2012.
Halkara “Ýewrowideniýe” aýdym-saz festiwalynyň ýeňijisi, şwesiýaly aýdymçy Lorin. Baku, 27-nji maý, 2012.
Şenbe güni giçlik Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda halkara “Ýewrowideniýe” aýdym-saz festiwalynyň final ýaryşynda şwesiýaly aýdymçy Lorin ýeňiji boldy.

28 ýaşly Lorin bu ýaryşda tomaşaçylaryň beren bahasy boýunça öz garşydaşlaryndan uly tapawut bilen öňe saýlandy. Lorin asly gelip çykyşy boýunça morokkoly berberler milletinden.

Onuň bu “Ýewrowideniýe” bäsleşiginde ýerine ýetiren “Eýforiýa” atly aýdymy Şwesiýanyň aýdym-saz programmalarynda soňky bir ýarym aýa golaý wagt bäri iň köp ýaňlanýan aýdymlaryň birine öwrüldi.



Loriniň bu ýeňşi indi geljek ýyl “Ýewrowideniýe” festiwalyny Şwesiýanyň özünde geçirmäge hukuk alandygyny aňladýar.

Şenbe agşamsy geçirilen bu halkara bäsleşiginiň final tapgyrynda orsýetli “Buranowskiýe babuşki”, ýagny “Buranowskili eneler” atly garry eneleriň topary ikinji orny eýeledi.

Alty sany gartaşan aýaldan ybarat bu toparyň düzümindäki aýdymçylar ýaşlary, ortaça, 70 ýaşyň töweregindäki aýallar. Olardan iň gartaşanynyň ýaşy 77 ýaş.



Serbiýaly ýaş aýdymçy Želko Ýoksimowiç üçünji ýeri, azerbaýjanly aýdymçy Sabina Babaýewa bolsa dördünji ýeri eýeledi.

Bu 57-nji “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigine telewideniýe arkaly tutuş dünýä boýunça 100 milliondan hem gowrak adamyň tomaşa edendigi habar berilýär.

Azerbaýjanda geçirilen bu halkara festiwala Ermenistan gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Daglyk-Garabag regiony bilen baglanyşykly konfliktler sebäpli Azerbaýjan bilen Ermenistanyň gatnaşyklary dartgynly bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG