Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewro 2012: Ukraina britan mediasynda çykan habara reaksiýa bildirdi


Angliýanyň ýygyndy komandasynyň ozalky oýunçysy, garaýagyz milletinden bolan Sol Kampbell Ukrainada akýagyz jynsparazlaryň garaýagyzlara hüjüm etmek howpunyň bardygyny aýtdy.
Angliýanyň ýygyndy komandasynyň ozalky oýunçysy, garaýagyz milletinden bolan Sol Kampbell Ukrainada akýagyz jynsparazlaryň garaýagyzlara hüjüm etmek howpunyň bardygyny aýtdy.
Şu hepde Ukrainanyň häkimiýetleri Ukrainada we Polşada futbol boýunça geçiriljek Ýewropa çempionatynyň öňýany Britaniýanyň mediasynda Ukrainany masgaralaýjy habarlaryň peýda bolandygyny aýdyp, muny tankyt etdiler.

Hepdäniň duşenbe güni BBC telewideniýesiniň “Panorama” atly gepleşiginde Angliýanyň ýygyndy komandasynyň ozalky oýunçysy, garaýagyz milletinden bolan Sol Kampbell Ukrainada akýagyz jynsparazlaryň garaýagyzlara hüjüm etmek howpunyň bardygyny aýdyp, angliýaly futbol janköýerlerine Ukraina barmazlygy maslahat berdi.

​Bu barada görkezilen dokumental filmde Ukrainada hem-de Polşada ýerli akýagyz milletçileriň garaýagyz tomaşaçylary kemsitmekleri we olara garşy hüjüm etmekleri ýaly wakalaryň ýakyn taryhyna syn berildi.

Onda ýerli futbol janköýerleriniň ellerini nasistleriňki ýaly göterip, çes berişlerini we maýmynyň sesine meňzeş gygylyklar bilen, garaýagyz futbolçylaryň gaharyny getirişlerini-de görmek bolýar.

Ýewro 2012: Britaniýanyň öňki futbolçysy janköýerlere ýüzlendi
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:01 0:00

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Oleg Woloşin sişenbe güni eden çykyşynda bu baradaky duýduryşlaryň “toslanyp tapylandygyny we hyýaly problemadygyny” öňe sürdi.

BBC telewideniýesiniň “Panorama” gepleşiginde Ukrainanyň Harkow şäherindäki bir futbol ýaryşynda aziýaly studentleriň-de ýerli tomaşaçylaryň bir topary tarapyndan ýenjilýändigini görkezýän wideo kadrlar görkezildi.

Harkow şäheri Ýewropa çempionatynda futbol ýaryşlary gurnaljak Ukrainanyň dört sany şäherinden biridir.

Angliýanyň ýygyndy komandasyndaky iki sany garaýagyz oýunçynyň maşgala agzalary eýýäm özleriniň bu Ýewropa çempionatyna tomaşa etmäge gitmejekdiklerini mälim etdiler.

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Oleg Woloşin öz çykyşynda “Siz ukrain jemgyýetini köp zatlarda tankytlap bilersiňiz... Emma jynsparazlyk meselesindäki kemçiliklerde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar Ukrainadan has öňde barýarlar” diýip, öz nägileligini mälim etdi.

Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç bu ýurtda geçjek Ýewropa çempionatynyň dowamynda diňe bir daşary ýurtly myhmanlary däl, eýsem ýerli çagalary goramak boýunça-da goşmaça çäreleriň görülmelidigi barada polisiýa güýçlerine görkezme berdi.
XS
SM
MD
LG