Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Dünýäniň iň gowy barmeni” Ukrainany haýran galdyrdy


Ýewro 2012 futbol çempionaty üçin Ukraina barjak janköýerleriň geň-taň zat göresleri gelýän bolsa, onda olar ýurtdaky kokteýl barlarynyň birine baryp, Aleksandr Ştifanowyň ezber hereketlerini gözleri bilen görmeli.

Asly moskwaly syýahatçy barmen Ştifanow özüniň barmenlik ukyplary bilen “Ukrainada talantlar bar” bäsleşiginiň janköýerlerini haýran galdyrdy.

Aslynda onuň “Dünýäniň iň gowy barmeni” adyny götermäge mynasypdygy ýa däldigi jedelli mesele. Emma ençeme bloglar we websaýtlar ony bu ada mynasyp görýärler.

Ýöne bir zat welin belli: Ştifanow meşhur “Kokteýl” filminde barmeniň roluny ýerine ýetirýän Tom Kruizi ompa oturdýar.

XS
SM
MD
LG