Halkara Çagalar güni bolan 1-nji iýunyň öňüsyrasynda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri dürli ýurtlarda ýaşaýan çagalaryň isleg-arzuwlary bilen gyzyklandy. Käbir arzuwlar ençeme gezek gaýtalandy: bilim, welosiped we bütewi maşgala.
Çagalar näme isleýärler?

1
5 ýaşly Khawa Sadullaýewa Çeçenistanyň paýtagty Groznyda ýaşaýar. Ol hudožnik bolmak isleýär, maşgalasy bilen uly jaýda ýaşamak isleýär.

2
6 ýaşly Jasmina Täjigistanda Duşanbäniň köçelerinde sakgyç satýar. Onuň kakasy Orsýetde zähmet çekýär. Ol kakasynyň bahymrak öýe dolanmagyny isleýär.

3
9 ýaşly Bogdan Solonina Ukrainanyň paýtagty Kiýewde ýaşaýar. Ol ulalanda öz restoranyny açmak isleýändigini aýdýar. Ol ejesine nahar bişirmäge kömek edýär.

4
11 ýaşly Nelea Lungi Moldowanyň Roskani obasynda ýaşaýar. Onuň ejesi Moskwada işleýär. Ol mekdebe gatnamak isleýär, emma ony maýyplygy sebäpli okuwa kabul etmediler.