Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa: Obama ölüm lageri säwligine 'ökünýär'


Barak Obama
Barak Obama
Polşanyň prezident administrasiýasynyň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama öz polşaly kärdeşine hat iberip, nasist ölüm lagerine “polýak ölüm lageri” hökmünde salgylananyna ökünýändigini mälim edipdir.

Obamanyň 29-njy maýda Ikinji jahan urşy döwründe polşaly gaýtawul söweşijisi bolan merhum Ýan Karskä Prezidentiň Azatlyk medalyny gowşuranda aýdan sözleri Polşada seslenme döredipdi.

Soňra Polşanyň prezidenti Bronislaw Komorowski Obama hat ugradyp, onuň eden çykyşyna nägilelik bildirdi.

Özüniň jogap hatynda Obama “ol ýerde hiç hili ‘polýak ölüm lageriniň’ bolmandygyny” belledi we Auşwits hem Treblinka ýaly ýerleriň “nasistik režim tarapyndan gurlandygyny we dolandyrylandygyny” aýtdy.

Komorowski Obamanyň eglenmezden ýazan jogap hatyny “kanagatlanma bilen kabul edendigini” belledi.
XS
SM
MD
LG