Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan Senaty ABŞ bilen partnýorlyk ylalaşygyny oňlady


Ýekşenbe güni Owganystanyň Senaty Waşington bilen strategik partnýorlyk baradaky täze ylalaşygyň taslamasyny goldap ses berdi.

Munuň özi 2014-nji ýylda NATO-nyň güýçleri Owganystany terk edenlerinden soň hem Birleşen Ştatlaryň bu ýurtda öz missiýasyny dowam etdirmegine ýol açýar.

Owganystanyň resmileri ýekşenbe güni Senatda bu baradaky dokumente 80 senatordan diňe 13-siniň garşy ses berendigini mälim etdiler. Mundan ozal, 26-njy maýda parlamentiň aşaky palatasy-da ony goldap ses beripdi.

Senatyň ses bermegi bilen indi bu dokument göni güýje girýär. Ozalbaşda bu ylalaşyga 2-nji maýda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen owgan prezidenti Hamid Karzaý Kabulda gol goýupdy.
XS
SM
MD
LG