Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hitrowkalylar suwsuzlykdan kösenýär


Häzirem şol köçeleriň käbirleriniň ortarasyndan ýarylan suw geçirijilerden ýa-da lagym akdyrylýan turbalardan syzýan suwuň özboluşly ýapjagazlary akýar.
Häzirem şol köçeleriň käbirleriniň ortarasyndan ýarylan suw geçirijilerden ýa-da lagym akdyrylýan turbalardan syzýan suwuň özboluşly ýapjagazlary akýar.
Soňky günler Türkmenistanda howanyň temperaturasy 38 gradusa ýetýär. Yssy howada suwsuz galmak hemmelere kyn düşýär. Bu kynçylyk bilen Aşgabadyň gaýrasynda ýerleşýän we halk arasynda Hitrowka diýlip atlandyrylýan raýonyň ýaşaýjylary eýýäm birnäçe ýyl bäri ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.

Hitrowkanyň Gämi köçesiniň ýaşaýjysy, 46 ýaşyndaky Kakamyrat köçelerinde geçen gyşdan bäri krantdan suw akmaýandygyny aýdýar: “Üç ýyl mundan ozal grandymyzdan suw akýardy. Şol wagt gije sagat 12-de grantdan suw alyp, ýörite gaplary dolduryp goýýardyk. Gecen gyşdan bäri bolsa asla grantdan suw akmaýar”.

Suw ýetmezçiligi diňe bir Kakamyradyň ýaşaýan köçesinde däl, eýsem Hitrowkanyň beýleki köçelerinde hem bar. Hitrowkanyň Saýat, Çelýabin ýaly käbir köçelerindäki ýaşaýyş jaýlarynyň grantlaryndan suwuň akyşy örän pes. Bu köçeleriň ýaşaýjylarynyň käbirleri suw nasoslaryny ulanýan bolsalar, käbirlerinde suw nasosy ýok.

Agzalýan köçäniň ýaşaýjylaryndan biri Durdynyň aýtmagyna görä: “Şol sebäpden olaryň grantlaryndan suw goňşulary nasoslaryny öçürenden soň, kadalyrak gelýär, emma nasos goýmak her kime başartmaýar. Şonuň üçin, suwam pes akýar”.

Kakamyradyň aýtmagyna görä, suw ýetmezçiligi bilen bir hatarda raýonyň lagym suwunyň akdyrylýan ulgamy bilen bagly bökdençlikler hem bar: “Sewernyý köçeden demirgazyga tarap kanalizasiýa ulgamy asla ýok bolsa, beýleki köçelerde kanalizasiýa ulgamy häli-şindi bitýär, soňam ýarylýar”.

Hitrowkalylaryň suw problemalarynyň ençeme ýyllar bäri dowam edýändigine garamazdan, ýerli häkimiýetler degerli çäreleri görmeýäne meňzeýär. Häzirem şol köçeleriň käbirleriniň ortarasyndan ýarylan agyz suw geçirijilerden ýa-da lagym akdyrylýan turbalardan syzýan suwuň özboluşly ýapjagazlary akýar.

Häkimiýetleriň teklibi

Kakamyradyň aýtmagyna görä, hitrowkalylar bu meseleler boýunça ýerli häkimiýetlere arz-şikaýat bilen birnäçe gezek ýüz tutupdyrlar. Emma mundan o diýen netije bolmandyr: “Häkimlikden bir-iki gezek gelip gitdiler. Düzederis diýdiler. Emma düzelýän zat ýok. Şol bir ýagdaý dowam edýär”.

Emma Çelýabin köçesinde ýaşaýan 42 ýaşly Gurbanyň aýtmagyna görä, bir gezek olaryň köçeleriniň ýaşaýjylarynyň arz-şikaýat hatlaryndan soň häkimiýetler şol köçede ýaşaýan her bir hojalyk 500 manat pul goşup, turbalary we başga-da gerek bolan zerur zatlary satyn alsalar, olaryň köçelerine täze turbalary çekip berjekdiklerini aýdypdyrlar. Emma häkimiýetleriň bu teklipleri amala aşmandyr.

“Biziň köçämize lagym turbalaryny geçirmek üçin häkimiýetleriň aýdan puly ýeterlik bolmady. Azyndan 1000 manat puly her bir hojalyk çykaraýmalydy. Bu pullary bolsa her bir maşgala çykaryp bilmedi” diýip, Gurban gürrüň berdi.

Ýene-de sanlyja günden tomsuň jöwzasy başlanar. Türkmenistanyň howa şertlerinde bolsa suwsuzlyk goşmaça kynçylyklary döredýär. Kakamyradyň aýtmagyna görä, suwsuzlyk zerarly ne bir derekli suwa düşüp bolýar, ne-de ýuwunyp bolýar. Bu ýagdaýdan ylaýtada çagalar kösenýärler diýip, ol aýdýar.

Hitrowka Aşgabadyň iň köne raýonlaryndan biri. Bu ýeriň ilat sany barada takyk maglumat ýok, sebäbi soňky ýyllaryň dowamynda ilat ýazuwy geçirilmedi. Bu raýon, esasan, hususy jaýlardan ybarat. Hitrowkada “Wremýanka” görnüşindäki wagtlaýyn diýlip salnan ýaşaýyş jaýlary-da köp.
XS
SM
MD
LG