Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şarapowa “dünýäniň 1-nji raketkasy” diýen titula eýe boldy


Penşenbe güni giçlik tennis boýunça Fransiýada geçýän “French Open” halkara ýaryşynyň ýarym finalynda orsýetli Mariýa Şarapowa çehiýaly Petra Kwitowadan üstün çykyp, ýaryşyň finalyna çykdy.

Ol öz garşydaşyny iki tapgyr oýunda 6-3 we 6-3 hasap bilen utdy. Şeýlelikde, düýnki gazanylan ýeňşiň netijesinde Mariýa Şarapowa aýal-gyzlaryň arasynda “dünýäniň 1-nji raketkasy” diýen titula eýe boldy.

Munuň özi onuň 2005-nji ýyldan soň bäşinji gezek “1-nji raketka” diýen titula eýe bolmasydyr. Şenbe güni geçjek final ýaryşda Mariýa Şarapowa italiýaly tennisçi Sara Errani bilen bäsleşer.
XS
SM
MD
LG