Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidenti halkara jemgyýetçiliginden goldaw soraýar


Kabulda geçýän halkara konferensiýasynda prezident Hamid Karzaý halkara jemgyýetçiligini Owganystana berýän goldawlaryny artdyrmaga çagyrdy.

Owganystanyň paýtagty Kabulda “Aziýanyň ýüregi” ady bilen geçirilýän bu halkara konferensiýasynda eden çykyşynda ol, hususan-da, ykdysady we howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyklaryň artdyrylmagynyň zerurlygyny nygtady.

Şeýle hem, Hamid Karzaý bu çykyşynda ýakyn wagtlarda Owganystanyň Ýokary Parahatçylyk Geňeşiniň başlygy Salahuddin Rabbaniniň Pakistana we Saud Arabystanyna sapar edip, Talyban liderleri bilen gepleşikleri ýola goýmak meselesi barada bu ýurtlaryň resmileri bilen maslahat etjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG