Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýada 17 ýyllap gözlenen jenaýatçy ahyrsoňy tussag edildi


Anna güni Ýaponiýanyň häkimiýetleri 17 ýyl mundan ozal Tokionyň metrosyna zäherli gaz goýberip, adamlary öldürmekde aýyplanýanlardan iň soňkusynyň ele salnandygyny habar berdiler.

Maglumata görä, 54 ýaşly Katsuýa Takahaşi anna güni Tokiodaky kafelerden birinde göze ilenden soň, aradan kän wagt geçmän tussag edilipdir.

“Aum Sinrikýo” atly sektant toparyň ozalky agzasy Katsuýa Takahaşi 1995-nji ýylda adamlary köpçülikleýin gyrmak synanyşygy bilen bagly wakada aýyplanylýar.

Şol gürrüňi edilýän wakada bu sektant toparyň agzalarynyň Tokionyň metrosyna zäherli gaz goýbermekleri netijesinde, 13 adam ölüp, 6 müňden gowrak adam agyr nähoşlapdy. Şonda bu toparyň lideri Sýoko Asahara bilen onuň yzyna eýerijileriň 12-sine ölüm jezasy berlipdi.
XS
SM
MD
LG