Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow Braziliýa sapara bardy


Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Rio de Janeýroda geçirilýän halkara konferensiýasyna gatnaşmak üçin Braziýaliýa sapara bardy.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan gurnalan we Rio+20 diýlip atlandyrylýan bu konferensiýa 20-22-nji iýun aralygynda geçirilýär.

Durnukly ösüş meselesine bagyşlanylyp geçirilýän bu konferensiýada dünýäniň dürli ýurtlarynyň liderleri global syýasy we ykdysady meseleler bilen birlikde, daşky sredany goramak meseleleri barada-da pikir alşarlar.

Bu konferensiýasynyň çäklerinde prezident G.Berdimuhamedowyň möhüm duşuşyklar geçirjekdigi-de habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG