Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwesiýada atom stansiýasynyň ýanyndan partlaýyjy madda tapyldy


Penşenbe güni Şwesiýanyň häkimiýetleri ýurduň günorta-günbataryndaky bir atom stansiýasynyň ýanynda üsti partlaýyjy maddaly ýük maşynynyň ele salnandygyny mälim etdiler.

Bu wakanyň yzy bilen Şwesiýadaky ähli atom stansiýalarynyň goragy ur-tut güýçlendirildi. Polisiýanyň resmileri ele salnan ýük maşynyň sürüjisiniň öz maşynynda partlaýyjy maddanyň bardygyndan habarsyzdygyny aýdandygyny mälim etdiler.

Polisiýanyň maglumatyna görä, maşyndaky partlaýyjy maddalaryň partlanmagy üçin olara berkidilgi hiç hili enjam tapylmandyr.

Häzirki wagt bu partlaýyjy maddanyň nähili maksat bilen maşyna ýerleşdirilendigi barada derňew alnyp barylýar. Bu gürrüňi edilýän “Ringhals” atom stansiýasy dört reaktordan ybarat we ol Gýoteburg şäheriniň golaýynda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG