Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindi ilçihanasynyň köpugurly okuw programmalary


Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen ýaşlaryna Hindistanda okamak üçin dürli ugurlar boýunça programmalary hödürleýär. Ilçihananyň resmileri okuw programmalary barada Azatlyk Radiosyna maglumat berdiler.

Hindistanyň hökümeti türkmen ýaşlary üçin köp ugurlar, ýagny sosial, dolandyryş, maliýe ýaly pudaklar boýunça okuw programmalaryny hödürleýär. Programmalaryň üsti bilen hem bakalawr hem magistratura derejelerinde okamaga mümkinçilik bar.

Emma bu taýda göz öňünde tutmaly bir ýagdaý bar. Ilçihananyň resmisiniň aýtmagyna görä, Türkmenistanda mekdebi gutaran okuwçylar göni bu programmalar boýunça okuwa dokument tabşyryp bilenoklar. Sebäbi Hindistanda mekdep biliminiň 12 ýyl dowam edýändigi üçin, türkmen uçurymlary aralykdaky bu iki ýyl aratapawudy dolmaly bolýarlar. Munuň üçin hem, hünär kurslaryna gatnap, degişli sertifikaty almalydygyny ilçihananyň resmisi aýdýar.

Şeýle-de Hindistanyň Türkmensitandaky ilçishanasynyň resmisiniň bellemegine görä, Türkmenistanda bilim alan ýaşlaryň inženerçilik we medisina ugurlary boýunça derejesiniň pesdigi üçin, olaryň bu ugurlar boýunça okamagynda belli bir päsgelçilikleriň döremegi mümkin.

Hindistanyň hökümetiniň hödürleýän okuw programmalary boýunça Hindistana baran talyplar sapaklary iňlis dilinde okarlar. Şonuň üçin, programmalara tabşyrmak üçin iňlis dilini bilmek hökmany. Emma ilçihananyň resmisiniň nygtamagyna görä, iňlis dili başarnygynyň aňrybaş derejede bolmagy hökman däl.

Hindistanyň hökümetiniň 2012/13-nji okuw ýyllary üçin hödürleýän okuw programmalaryna resminama tabşyrmak möhleti eýýäm tamamlandy. Geljek 2013/14-nji ýyllar üçin resminama kabul edişligi şu ýylyň dekabr aýynyň 15-den soň başlanýar.

Hindistanda okamak isleýän talyplara okuw programmalaryna gatnaşmak üçin ilçihana tabşyrmaly dokumentleriň takyk sanawy barada ilçihanada her hepdäniň duşenbe we çarşenbe günleri öýlän sagat 4-5 aralygynda konsultasiýalar berilýär.

Türkmenistandaky hindi resmisiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyan görä, gyzyklanma bildirýän talyplar jaň edip hem gerekli maglumatlary alyp bilerler.

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda “Olimpiýa” stadionynyň gabat garşysyndaky “Emperial” biznes merkezinde ýerleşýär. Ilçihananyň telefon nomerleri: +993 12 45 61 52/53. Ilçihananyň internet salgysy: www.indianembassy-tm.org
XS
SM
MD
LG