Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanly teatr režissýory “wyždan ýesiri” diýlip yglan edildi


Anna güni ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy gazagystanly aktiwist, teatr režissýory Bolat Atabaýewi “wyždan ýesiri” diýip yglan etdi.

Bolat Atabaýew geçen hepde Janaözen wakalary bilen baglanyşykly ilat arasynda “sosial ýigrenji öjükdirmekde” aýyplanyp tussag edilipdi.

“Amnesty International” guramasy öz beýanatynda Bolat Atabaýewe bildirilýän aýyplamalary “toslama aýyplama” diýip atlandyrýar we onuň söz azatlygy boýunça öz hukugyndan peýdalanyp eden hereketi üçin tussag edilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG