Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenko garşy bellenen sud soňa goýuldy


Türme tussaglygyndaky Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýulia Timoşenko garşy duşenbe gününe bellenilen sud diňlenişigi iýulyň ortalaryna geçirildi. Sud Timoşenkonyň saglyk ýagdaýyny barlamak barada hem karara geldi.

Häzir Timoşenko 1990-njy ýyllarda hususy energiýa kompaniýasy bilen baglylykda millionlarça amerikan dollary möçberinde salgyt tölemekden boýun gaçyranlykda aýyplanýar.

Ýewropa Bileleşigi sud diňlenişigine syn etmek üçin Polşanyň prezidenti Aleksandr Kwasniewskini we Irlandiýaly syýasatçy Pät Koksy ýollandygyny mälim etdi.

Timoşenko wezipesinden hyýanatly peýdalananlykda aýyplanyp, häzir ýedi ýyl türme tussaglygynda saklanýar.

Prokuror Timoşenkonyň üçünji gezek suda çekiljekdigini şu aýyň başynda mälim etdi we onuň 16 ýyl mundan ozal bir kanun çykaryjyny öldürmeklige gatnaşanlykda aýyplanjakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG