Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pragada Özbegistanyň oppozision toparlarynyň maslahaty açyldy


Şenbe güni Çehiýa respublikasynyň paýtagty Pragada Özbegistanyň oppozision toparlarynyň maslahaty açyldy.

Bu oppozision toparlar Özbegistana 1991-nji ýyldan bäri liderlik edip gelýän Yslam Karimowy häkimiýetden gidermegiň oňyn ýollary barada pikir alyşmaklygy göz öňünde tutýarlar.

Maslahata gatnaşyjalaryň arasynda Özbegistanyň belli oppozisiýa lideri Muhammed Salyh hem bar. Ol 1993-nji ýyldan bäri Günbatarda bosgunlykda ýaşaýar.

Özbegistanyň oppozision toparlary geçen ýyl hem Germaniýanyň paýtagty Berlinde özara maslahat geçiripdiler.
XS
SM
MD
LG