Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa: baş goşun generaly wezipesinden boşadyldy


Demirgazyk Koreýanyň resmi metbugatynyň maglumatyna görä, ýurduň harby goşunynyň Baş ştabynyň ýolbaşçysy general Li Ýoň Ho wezipelerinden boşadylypdyr.

Häkimiýet başyndaky Işçiler partiýasynyň bu barada beren gysga maglumatynda Liniň wezipesinden gitmegine onuň “saglyk ýagdaýynyň sebäp bolandygy” aýdylýar.

Ýurtda iň täsirli ýolbaşçy hasaplanýan 70 ýaşyndaky syýasatçynyň nähili kesel bilen keselländigi we onuň ornuna kimiň bellenilýändigi aýdylmaýar.

Maglumata görä, Li Ýoň Ho ähli wezipelerinden, şol sanda ýeke-täk Işçi partiýasynyň ýolbaşçy agzalygyndan hem boşadylypdyr.

Li Ýoň Ho Demirgazyk Koreýanyň harby goşunyna 2009-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip gelýärdi we ýurduň häzirki lideri Kim Çen Ynyň golaý ýarany hasaplanýardy.
XS
SM
MD
LG