Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BP türkmen gaz gorunyň dünýäde dördünji orundadygyny tassyklaýar


Gaz zapasy boýunça Türkmenistan dünýäde dördünji orunda durýar diýip, BP kompaniýasy tassyklaýar. TDH gullugynyň ýazmagyna görä, bu barada BP kompaniýasynyň wise-prezidenti we baş ykdysatçysy Kristof Rýul 16-njy iýulda Aşgabatda eden çykyşynda aýdypdyr.

Maglumata görä, Kristof Rýul duşenbe güni Türkmenistanyň Nebit-gaz senagaty we mineral resurslary ministrliginiň 2011-nji ýylda energetika boýunça ösüşiň baryşy barada statistikasynyň ýygyndysyny hödürlemek bilen bagly geçiren ýygnagynda çykyş edipdir.

Türkmenistanyň bu statistika ýygyndysynyň BP kompaniýasynyň “Dünýä energetikasynyň statistikasyna syny” esasynda taýýarlanylandygy aýdylýar.

BP kompaniýasynyň taýýarlan “Dünýä energetikasynyň 2030-njy ýyla çenli ösüşiniň ylmy çaklamasy” esasynda halkara energiýa bazarynda Türkmenistanyň ösýän ornunyň boljakdygyny wise-prezident Aşgabatda eden çykyşynda nygtady.

Britaniýanyň “Gaffney Cline&Assosiates” kompaniýasynyň audit barlaglarynyň esasynda diňe Günorta Ýolöten gaz ýatagynda anyklanan tebigy gazyň möçberiniň maksimal derejesiniň 26 trillion kubometrden hem ýokary bolup biljekdigi çak edilýär.
XS
SM
MD
LG