Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýa: 97 ýaşly raýat uruş jenaýatçylygynda aýyplanylýar


Çarşenbe güni Wengriýanyň prokuraturasy Ikinji Jahan Urşy ýyllarynda nasistleriň hatarynda jenaýat edenlikde aýyplanýan 97 ýaşly Laslo Çatarä garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny mälim etdi.

Wengriýada gizlenip ýaşan Laslo Çatari jenaýatçy nasistleriň sanawynda gözlenilýän iň bir esasy şahsyýetlerden biri hasaplanylýar. Ol Ikiinji Jahan Urşy ýyllarynda 15 müň 700 töweregi ýewreý tussagynyň ölümine dahylly bolanlykda aýyplanylýar.

Onuň tussag edilmegine şu hepdäniň duşenbe güni Britaniýanyň “The Sun” gazetinde Laslo Çatariniň suraty bilen çap edilen maglumat sebäp boldy.

Britaniýanyň gazeti onuň Wengriýanyň paýtagtynda ýaşaýandygy barada anyk maglumatlary çap etdi. Hepdäniň sişenbe güni hem ol tussag edildi.
XS
SM
MD
LG