Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Ysraýylyň aýyplamalaryny ret edýär


Bolgariýanyň Burgas şäherinde partlama amala aşyrylan awtobusyň hüjümden soňky görnüşi. Burgas, 18-nji iyul, 2012.
Bolgariýanyň Burgas şäherinde partlama amala aşyrylan awtobusyň hüjümden soňky görnüşi. Burgas, 18-nji iyul, 2012.
Penşenbe güni Eýranyň Bolgariýadaky ilçihanasy Bolgariýanyň Burgas şäherinde amala aşyrylan partlamada Ysraýylyň Eýrana bildiren aýyplamasyny ret etdi.

Eýranyň ilçihanasy penşenbe güni bu barada ýaýradan beýanatynda Ysraýylyň bildiren aýyplamalaryny “esassyz” diýip atlandyrdy.

Çarşenbe güni Ysraýylyň Tel-Awiw şäherinden Bolgariýanyň Burgas şäherine dynç almaga baran turistleriň bir topary awtobusda gidip barýarka, janyndan geçen bir hüjümçi awtobusyň içinde partlama amala aşyrdy.

Ysraýylyň resmileri bu wakada dessine Eýrany we onuň Liwandaky ýarany hasaplanylýan Hizbulla toparyny aýypladylar.

Partlamanyň yzýany awtobusda dörän ýangynyň uzakdan görnüşi. Burgas, 18-nji iyul, 2012.
Partlamanyň yzýany awtobusda dörän ýangynyň uzakdan görnüşi. Burgas, 18-nji iyul, 2012.
Bolgariýanyň häkimiýetleri bu partlamada ölen ýedi adamdan bäşisiniň ysraýylly turistlerdigini, ýene biriniň awtobusyň sürüjisidigini we beýleki biriniňem janyndan geçen hüjümçidigini mälim etdiler.

Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borisow hüjümçiniň ýanyndan tapylan amerikan sürüjilik şahadatnamasynyň galpdygyny we bu adamyň hakyky şahsyýetiniň heniz anyklanmandygyny aýtdy.

Ozal hem Eýran aýyplanypdy

Bolgariýanyň Burgas şäherinde amala aşyrylan bu hüjüm Müsüriň Sinaý ýarym adasynda 2004-nji ýylda amala aşyrylan partlamadan bäri Ysraýylyň raýatlaryna garşy gurnalan iň bir uly ýitgili hüjüm hasaplanylýar. 2004-nji ýylda amala aşyrylan ozalky partlamada 12 sany ýewreý raýaty ölüpdi.

Mundan daşary, Ysraýylyň raýatlaryna garşy amala aşyrylan bu gezekki hüjüm Argentinada 1994-nji ýylda ýewreý merkezine garşy amala aşyrylan hüjümiň we 85 adamyň ölüminiň 18 ýyllyk ýyl dönümine-de gabat geldi.

Şol hüjüm bilen baglanyşykly geçirilen käbir resmi derňewlerde-de Eýranyň resmileri we Hizbulla topary aýyplanypdy. Tähran bu aýyplamalary ret edip gelýär.

Hepdäniň penşenbe güni Ysraýylyň Daşary işler ministrligi Bolgariýanyň Burgas şäherinde ýewreý raýatlaryna garşy amala aşyrylan hüjüme Eýranyň we Hizbulla toparynyň dahyllydygyny görkezýän “ygtybarly maglumatyň” bardygyny aýtdy, emma bu barada hiç hili anyk maglumat bermedi.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu bu barada eden çykyşynda öz ýurdunyň “Eýranyň terroryna garşy güýçli jogap berjekdigini” aýtdy.
XS
SM
MD
LG