Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Kongresi 606 milliard dollarlyk harby býujeti oňlady


Penşenbe güni giçlik Birleşen Ştatlaryň Kongresi iki güne çeken çekeleşikli diskussiýalardan soň, ýurduň harby pudagyna goýberiljek ýyllyk býujet baradaky kanunyň taslamasyny kabul etdi.

Bu kanuna görä, geljekki bir ýylda Birleşen Ştatlaryň harby pudagyna 606 milliard dollar serişde goýbermeklik göz öňünde tutulýar.

Bu serişdäniň 87.7 milliard dollary ABŞ-nyň Owganystanda we käbir beýleki daşary döwletlerde alyp barýan harby çäreleri üçin niýetlenen.

Bu býujet plany şu ýylyň oktýabryndan başlap geljek ýylyň oktýabryna çenli aralygy öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG