Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G.Berdimuhamedow birnäçe çinownigi wezipesinden boşatdy


Penşenbe güni Türkmenistanda transport, aragatnaşyk, gurluşyk, energetika, senagat we maliýe-ykdysadyýet pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýörite maslahaty geçirildi.

Bu maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň baş prokurory Ý.Ýazmyradow “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynda we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde geçirilen barlaglaryň jemleri barada hasabat bilen çykyş etdi. Ol bu pudaklarda ýüze çykarylan käbir anyk kemçilikler barada durup geçdi.

Şol gürrüňi edilýän kemçiliklere salgylanmak bilen, prezident G.Berdimuhamedow “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň başlygy N.Orazowy, onuň orunbasary O.Ataýewi we Türkmenistanyň awtomobil transporty ministri S.Berkeliýewi wezipelerinden boşatdy.

Mundan daşary, düýn prezidentiň permany bilen Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary A.Muhammedow hem wezipesinden boşadyldy.
XS
SM
MD
LG