Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: MHK-niň ýerli ýolbaşçysy öldürildi


Täjigistanyň Badagşan welaýatynyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň uprawleniýesiniň başlygy Abdullo Nazarow. Noýabr, 2009.
Täjigistanyň Badagşan welaýatynyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň uprawleniýesiniň başlygy Abdullo Nazarow. Noýabr, 2009.
Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy Täjigistanyň Badagşan welaýatynyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň uprawleniýesiniň başlygy Abdullo Nazarowyň janyna kast edilendigini habar berýär.

Täjik gullugynyň ýerli resmi çeşmelere salgylanyp berýän maglumatyna görä, general Abdullo Nazarow şenbe güni giçlik Daglyk-Badagşan Awtonomiýa oblastynyň Işkoşim raýonynda pyçaklanyp öldürilipdir.

Bu wakanyň bolan wagty onuň ýanynda Milli Howpsuzlyk Komitetiniň “Alfa” toparynyň iki sany ofiseriniň-de bolandygy habar berilýär. Emma ol ofiserleriň häzirki wagt nirededigi barada anyk maglumat alynmady.

General Abdullo Nazarow Sowet Soýuzy ýyllarynda KGB-niň agenti bolup işläpdi. Emma 1991-nji ýylda ol bir ýyl şondan öň Täjigistanyň paýtagty Duşenbede birnäçe güne çeken demonstrasiýada protestçileriň atylyp öldürilmeginde KGB-ni açyk günäkärläp çykyş edipdi.

Özüniň bu aýyplamalaryndan soň Abdullo Nazarow KGB-niň hataryndan çykarylypdy.

Oppozisiýanyň hatarynda boldy

1992-nji ýylda Abdullo Nazarow Birleşen Täjik Oppozisiýa hereketine goşulypdy. Bu hereket ýurduň yslamçy, demokratik we milletçi partiýalaryny öz içine alýardy. Ol partiýalar şol wagtlar Täjigistanyň kommunist ýolbaşçylaryna garşy çykyş edýärdiler.

1992-1997-nji ýyllarda Täjigistanda ýüze çykan graždanlyk urşy ýyllarynda Abdullo Nazarow ýurduň daşynda ýaşady. Ol şol ýyllar özüniň anyk nirede ýaşaýandygyny aýan etmändi.

1997-nji ýylda graždanlyk urşy tamamlanyp, Moskwada Täjigistanyň hökümeti bilen Birleşen Täjik Oppozisiýasy parahatçylyk ylalaşygyna gol çekenden soň, Abdullo Nazarow ýurduň howpsuzlyk gullugyna dolanyp gelipdi.

Ol şonda hökümet wezipelerine bellenilýän kadrlaryň 30 prosentini oppozisiýanyň bellemelidigi barada gelnen ylalaşyk netijesinde özüniň ozalky wezipesine dolanypdy.

Abdullo Nazarow ilki Täjigistanyň Sogd oblastynda Milli Howpsuzlyk Komitetiniň uprawleniýesiniň başlygy wezipesinde, soňra Milli Howpsuzlyk Komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.

Oňa garşy aýyplamalar

2010-njy ýylda ol ýurduň Badagşan oblastynyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň uprawleniýesiniň başlygy wezipesine bellenildi.

Bu wezipä bellenmeginden birnäçe aý soň Gyrgyzystanyň häkimiýetleri ony Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň garyndaşlaryna pena bermekde aýypladylar. Nazarowyň özi bu aýyplamalary ret edipdi.

Ýakynda Täjigistanyň sudy Abdullo Nazarowyň 2010-njy ýylyň awgustynda ýurduň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň tussaghanasyndan köpsanly tussagyň gaçyp çykmagy bilen baglanyşykly waka dahyllydygyny öňe sürüpdi. Ýöne bu aýyplama boýunça oňa garşy resmi jenaýat işiniň gozgalandygy ýa gozgalmandygy belli bolman galýar.
XS
SM
MD
LG