Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Timoşenkonyň işi boýunça sud diňlenişigi yza süýşürildi


Duşenbe güni Ukrainanyň Harkow şäher sudunyň sudýasy ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko garşy salgyt galplygynda bildirilýän aýyplamalar boýunça sud diňlenişiginiň yza süýşürilýändigini mälim etdi.

Suduň sudýasy Ýuliýa Timoşenkonyň sud prosesine gatnaşmadyk halatynda, diňlenişigiň geçirilip bilinmejekdigini we duşenbe gününe bellenen sud diňlenişiginiň 31-nji iýula geçirilendigini aýtdy.

Häzirki wagt wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygynda oturan Timoşenko özüne garşy gozgalan ikinji jenaýat işi boýunça sud diňlenişigine gatnaşmakdan ýüz öwürýär.

Ol munuň sebäbini öz saglyk ýagdaýynyň muňa mümkinçilik bermeýändigi bilen düşündirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG