Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda NATO-nyň iki esgeri öldürildi


Şenbe güni Owganystanyň gündogarynda söweşijileriň hüjüminde NATO-nyň iki esgeri öldürildi.

NATO bu waka barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy. Şeýle hem, ölenleriň haýsy ýurda degişlidigi barada maglumat berilmeýär.

Owganystanyň gündogarynda esasan amerikan esgerleri gulluk edýär.

Şu aýda Owganystanda öldürilen halkara güýçleriniň agzalarynyň sany 42-ä ýetdi. 2011-nji ýylyň iýul aýynda 52 sany halkara güýçleriniň gullukçysy öldürilipdi.

Owganystanda bidüzgünçilikler artýar. Iýun aýynda NATO güýçlerine garşy hüjümleriň sany 2010-njy ýylyň sentýabryndan bäri iň ýokary san boldy.

Garaşsyz iCasualties.org websaýtynyň maglumatyna görä, şu ýyl Owganystanda 260 töweregi daşary ýurtly esger öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG