Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik hökümeti ýaş gozgalaňçylar ýaraglaryny tabşyrmaga razy diýýär


Täjigistanyň Içeri işler ministrligi şu hepde howpsuzlyk güýçleri bilen söweşe giren ýaş söweşijileriň bir toparynyň ýaraglaryny tabşyrmaga başlandyklaryny aýdýar.

Ministrligiň ýaýradan beýanatynda meýletin ýaragyny tabşyran gozgalaňçylara amnistiýa wada berilýär.

Söweşijiler bilen gepleşiklere aýal aktiwistleriň we dini liderleriň gatnaşandygy aýdylýar.

Şeýle-de ministrlik esasy regional şäher bolan Horogda, şenbe güni bolan çaknyşyklardan soň, asudalykdygyny habar berýär.

Prokurorlar şu hepde Horogyň töwereginde bolan çaknyşyklarda howpsuzlyk güýçlerinden 17, jeňçilerden 30, asuda ilatdan bolsa bir adamyň öldürilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG