Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Badminton sportsmenleri oýundan çetleşdirildi


Wembleý arenasynda Hytaý bilen Günorta Koreýanyň badminton ýaryşynda, 2012-nji ýylyň 31-nji iýuly.
Wembleý arenasynda Hytaý bilen Günorta Koreýanyň badminton ýaryşynda, 2012-nji ýylyň 31-nji iýuly.
Halkara Olimpiýa komiteti badminton boýunça 8 oýunçyny oýunda bilkastlaýyn ýeňilenlikde aýyplap, bäsleşikden çetleşdirdi.

Günorta Koreýadan, Hytaýdan we Indoneziýadan Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan badminton boýunça zenan oýunçylar 31-nji iýulda geçirilen oýunlarda ýönekeý ýalňyşlyklary göýberenlerinden soň oýundan çykaryldylar.

Çärýek finala çykan bu oýunçylar, bäsleşikdäki soňky çykyşlaryny aňsatlaşdyrmak maksady bilen, hepdäniň sişenbe güni geçirilen oýunlarda ýeňilmäge synanyşmakda aýyplandylar.

Wimbleý arenasyndaky tomaşaçylar wolany bilkastlaýyn deňinden geçirip, ýa-da tora deger ýaly edip uran oýunçylara nägilelik bilen reaksiýa bildirdiler.

Badmintonyň janköýeri Kristen Kaspearsen 1-nji awgustda bu oýunçylaryň bäsleşikden çykarylandygy yglan edilmezinden öň, badminton oýunçylarynyň bu hereketiniň sport üçin masgaraçylyk bolandygyny aýtdy:

"Meniň pikirimçe olaryň oýuny talaba laýyk geçirmän oýnamagy diýseň masgaraçylykly bir waka. Meniň pikirimçe, olaryň bu hereketleriniň öňi alynmalydy, ýa-da olar oýundan çykarylmalydy" diýip, Kaspearsen aýdýar.

Günorta Koreýanyň tälimçisi Suň Han-huk özüniň dört oýunçysynyň Indoneziýanyň we Hytaýyň komandalaryna garşy bäsleşikde bilkastlaýyn ýeňilmäge synanyşandyklaryny boýun aldy.

Indoneziýanyň Babminton Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Erik Tohir bolsa öz sportsmenleriniň Londona medaly “elden gidirmek” üçin däl-de, gazanmak üçin gelendiklerini aýtdy.

"Badminton boýunça Dünýa Federasiýasy jogapkärçiligi öz üstüne alyp, bu meseläni derňemeli, sebäbi bu baradaky karar gaty möhümdir. Bu mesele bilen bagly ilkibaşda derňew geçirmeli, özem düýpli derňew geçirmeli" diýip, Tohir nygtady.

Olimpiýa komitetiniň ahlak kodeksine laýyklykda, stortsmenler hiç bir jähtden bäsleşigiň gidişine, ýa-da onuň netijesine täsir ýetirmäge synanyşmaly däl.

Şol bir wagtda-da Olimpiýa oýunlarynyň bäşinji güni hem gyzgalaňly geçdi.

1-nji awgustda Britaniýa özüniň ilkinji altyn medalyny gazandy. Ýagny, bu ýurduň jübüt kürekçileri Helen Glower bilen Heather Stanning 2 müň metr aralykda kürekleme boýunça altyn medaly gazandylar.

Ukraina hem öz taryhynda ilkinji gezek kürekleme boýunça ýaryşda altyn medala eýe boldy. Ukrainanyň zenan sportsmenleri 4 adamlyk gämidäki bäsleşikde Germaniýanyň sportsmenlerini ýeňdiler. Bu bäsleşikde ABŞ-nyň atletlerine bürünç medaly almak başartdy.

Londonda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna ýolbaşçylyk edýän Sebastýan Koe çarşenbe güni eden çykyşynda amerikan ýüzüji Maýkl Felpsiň, Olimpiýa oýunlarynda öň görlüp-eşidilmedik 19 medaly almaga başarandygyna garamazadan, Olimpiýa oýunlarynyň iň görnükli çempiony bolmazlygynyň mümkindigini aýtdy.

Ol iň görnükli çempionlaryň arasynda 1984-2000 ýyllar aralygynda dürli medallara mynasyp bolan britaniýaly kürekçi Stiw Redgreýwiň, 10 görnüşli sport ýaryşy boýunça çempion bolan, dört gezek dünýa rekordyny täzelän britaniýaly Daleý Tompson dagynyň atlaryny agzady.

Maýkl Felpsden öň medallaryň sany boýunça rekord Sowet döwrüniň gimnastikaçysy Larisa Latynina degişlidi. Ol 18 medalyň eýesidi.
XS
SM
MD
LG