Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň Žanaözen şäheriniň öňki häkimi gaýtadan tussag edildi


Mangystau regionynyň şikaýat sudunda Žanaözen şäheriniň öňki häkimi Orak Sarbopeewiň günäsizdigi baradaky suduň karary 2-nji awgustda ýaryrlansoň, ol gaýtadan Aktau şäheriniň derňew izolýatoryna ýerleşdirildi.

Indi onuň işiniň Ýokary suda geçirilendigi aýdylýar.

Şu ýylyň 22-nji iýunynda Orak Sarbopeew günäsiz tapylyp, azatlyga göýberilipdi.

Ol Žanaözende geçen ýylyň dekabr aýynda bolan ganly wakalardan soň öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda hem para almakda aýyplanypdy.

Dekabrdaky wakalarda, polisiýa bilen protestçileriň arasynda dörän çaknyşykda jemi 16 adam heläk bolupdy.

Şeýle hem 2-nji awgustda Mangystau regionynyň şikaýat sudunda dekabr wakalary bilen bagly türme tussaglygyna höküm edilen 15 adamyň apelýasiýasyna garalyp başlanandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG