Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özgerýän jemgyýetde ýokary bilim: tendensiýalar we kynçylyklar


Birinji awgustda Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna giriş ekzamenleri başlandy.

Bu ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna 5766 studentiň, geçen ýyldakydan 711 okuwçynyň köp kabul ediljegi habar berilýär. Şonuň bilen birlikde, hökümet programmalary esasynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna iberilýän okuwçylaryň hem sany artdyrylýar.

Ýöne bu artdyrmalar ýylda 100 müňden gowrak okuwçynyň orta mekdebi tamamlaýan ýurdunda ýaşlaryň ýokary bilim almak talabyny ödemek üçin ýeterlik däl ýaly görünýär.

Şu ýyl ýokary okuw jaýlaryndaky her orna 4-5 studentiň dalaş gurýandygy aýdylýar.

Mundan başga, her ýyl ýüzlerçe türkmen studentiniň öz hasabyna daşary ýurtlara okuwa gidýändigi barada maglumat bar.

Eýsem ýurtda ýokary bilim we ýokary bilimli ýaşlar meselesinde nähili tendensiýalar bar, kynçylyklar nämeden ybarat we çözgüt nirede?

Azatlyk Radiosy bu soraglary ýerli synçylara, Aşgabatdan hukukçy žurnalist Aşyrguly Baýryýewe, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe, Orsýetden pedagogiki ylymlaryň kandidaty Serdar Ataýewe berdi. Söhbetdeşligi Pragadaky studiýadan Ýowşan Annagurban alyp bardy.

Bu temadan geçirilen Tegelek Stol söhbetdeşligini diňlemek üçin şu ýere basyň.

Özgerýän jemgyýetde ýokary bilim: tendensiýalar we kynçylyklar
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG