Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londonda 100 metr aralyga ylgamak we tennis ýaryşlaryna üns gönügýär


Ýekşenbe güni, Olimpiýa oýunlarynyň dokuzynjy gününde, hemmeleriň ünsi 100 metre çenli ylgamak boýunça final ýaryşa gönügýär. Şu gün ýamaýkaly Usain Bolt dünýä boýunça iň ýyndam adamdygyny ýene-de bir gezek subut etmeli bolar.

2008-nji ýylda üç olimpiýa medalyna eýe bolan Bolt geçen aýda öz ildeşi Ýohan Bleýk bilen milli ýaryşdaky bäsleşikde iki gezek yza galypdy.

Britaniýaly Andy Marreý tennis boýunça altyn medal üçin, şu ýyl Wimbledon ýaryşynda üstün çykan şweýsariýaly Rojer Federer bilen bäsleşer.

Şeýle hem şu gün erkekleriň we aýallaryň arasynda çeperçilik gimnastikasy, erkekleriň ştanga götermek we "Grek-Rim" göreşi hem-de gandbol boýunça ýaryşlary geçirilýär.
XS
SM
MD
LG