Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda oppozisiýa aktiwistine gaýybana ýyl kesildi


Oppozisiýadaky “Gürji arzuwy” hereketiniň lideri Bidzina Iwanişwili 1-nji iýul, 2012 ý.
Oppozisiýadaky “Gürji arzuwy” hereketiniň lideri Bidzina Iwanişwili 1-nji iýul, 2012 ý.
Gürjüstanyň sudy oppozisiýadaky “Gürji arzuwy” hereketiniň ýokary derejeli resmileriniň birini kezzaplykda günäli tapyp, gaýybana alty ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Melik Raisiýan “Gürji arzuwy” hereketiniň günorta Akhalkalaki regiounyndaky bölüminiň başlygy. Derňewçileriň maglumatyna görä, Raisiýan 2007-nji ýylda ýerli ýaşaýjylaryň birine salgytdan boýun gaçmagyň ýollaryny teklip edip, ondan 27 müň dollar aljak bolupdyr.

Şeýle-de sud türme tussaglygyna goşmaça, Raisiýana 6 müň dollar möçberinde jerime saldy. Raisiýanyň häzir nirededigi belli däl.

“Gürji arzuwy” hereketiniň başlygy Manana Kobakhidzeniň bellemegine görä, Raisiýan oppozisiýanyň tarapyna geçenden soň, oňa şol aýyplamalar ýöňkelipdir.

“Gürji arzuwy” hereketiniň başynda milliarder Bidzina Iwanişwili dur.
XS
SM
MD
LG