Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew ors-gürji söweşinde ikirjiňlenenlikde aýyplanýar


Ors esgerleri Shinwaliniň golaýynda, 11-nji awgust, 2008.
Ors esgerleri Shinwaliniň golaýynda, 11-nji awgust, 2008.
Orsýetiň öňki we häzirki ýokary derejeli harby komandirleri öňki prezident Dmitriý Medwedewi Gürjüstanyň separatist regiony bolan Günorta Osetiýada 2008-nji ýylda geçirilen harby operasiýalara buýruk berende, ilkibaşda ikirjiňlenmekde aýyplap, şu sebäpden adam ýitgileriniň uly bolandygyny aýdýarlar.

Aýyplamalar harby konfliktiň dört ýyllygyna gabat gelip, bu baradaky 47 minutlyk dokumental film internetde peýda boldy.

Awtory nämälim bu filmde baýry ofiserler Medwedew, tä şol wagtky premýer-ministr Wladimir Putin özüni hereket etmäge mejbur edýänçä, komandir hökmünde ikirjiňlendi diýýärler.

Agzalýan film "Ýitirilen gün" diýlip atlandyrylýar.

Awgustdaky urşuň başlamagynyň öňüsyrasyna çenli Orsýetiň harby güýçleriniň baş ştabynyň ýolbaşçysy wezipesini berjaý eden general Ýuriý Baluýewskiý filmde Medwedewiň we onuň ýaranlarynyň, Putin tarapyndan itergi berilýänçä, buýruk bermekden gorkup, saklanandyklaryny aýdýar.

Jaň edildimi?

Şol wagt Pekindäki Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Putin Moskwadaky habarçylara beren gürrüňinde “özüniň Medwedewe iki gezek jaň edendigini” aýdypdy.

“Telefon gepleşikleri barada aýdylanda, hawa, men Medwedewe awgustyň 7-de we 8-nde iki gezek jaň etdim. Goranmak ministrine-de jaň etdim, problema barada gürrüň etdik" diýip, Putin aýtdy.

Häzirki döwürde Orsýetiň prezidenti wezipesini berjaý edýän Putin şol wagt ýurduň harbylarynyň baş ştabynyň Gürjüstanyň islendik hüjümine garşy durup biljek planyň öňünden taýýarlanandygyny belläpdi: “Gürjüstan bilen bolup biläýjek çaknyşyklar üçin plan harbylaryň baş ştaby tarapyndan 2006-njy ýylyň aýagynda ýa-da 2007-nji ýylyň başynda taýýarlanypdy we men ony makullapdym".

Putiniň aýtmagyna görä, “taýýarlanan planyň bir bölegi, Gürjüstan bilen çaknyşyk ýüze çykan halatynda, Orsýetiň harbylaryna kömek eder ýaly Günorta Osetiýanyň ýerli milisiýa agzalaryny taýýarlamagy hem öz içine alýardy”.

Geçen ýyl Orsýetiň we Gürjüstanyň telewideniýesinde görkezilen interwýuda Medwedew uruş başlanan wagty “hiç kim hiç kime jaň etmedi” diýip nygtapdy.

“Dogrymy aýtsam, hiç kim hiç kime jaň etmedi. Men Putin bilen, buýruklary berenimden soň, ertesi gün aragatnaşyk gurdum. Uruş eýýäm başlapdy" diýip, Medwedew mälim edipdi.

Bu gün Günorta Osetiýa urşuň ýubileýini bellemäge gelen Medwedew, ulurak ýitgileriň öňüni almak üçin, uruş baradaky şol kararyň wagtynda kabul edilendigini aýtdy.

Uruş gutaransoň, Moskwa Günorta Osetiýany we Gürjüstanyň beýleki separatist regiony bolan Abhaziýany özbaşdak döwletler hökmünde ykrar etdi. Gürjüstanyň hökümeti we beýleki ýurtlaryň aglaba köpüsi bu iki regiony häzirem Gürjüstanyň bölegi diýip hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG