Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AUCA: "Bu ýyl Türkmenistandan okuwa giren bolmady"


Bişkekde ýerleşýän Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersiteti.
Bişkekde ýerleşýän Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersiteti.
Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde ýerleşýän Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersiteti (AUCA) türkmen talyplarynyň ýokary bilim almak üçin barýan esasy okuw jaýlaryndan biri.

Soňky ýyllar bu uniwersitetde köp türkmen talyplarynyň bilim alandygy, uniwersitete okuwa girmek üçin Türkmenistandan her ýyl 100-den gowrak arzanyň gelip gowuşýandygy aýdylýar. Emma, bu uniwersitetiň talyplary kabul ediş bölüminiň wekili Larisa Mihaýlowna Lukaşewanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu ýyl ýokary okuwa kabul edilenleriň arasynda ýekeje türkmenistanly hem ýok.

Azatlyk Radiosy: Şu ýyl Türkmenistandan siziň uniwersitetiňizde okamaga isleg bildirip, arza beren studentleriň sany näçe we olardan näçesi kabul edildi?

Larisa Lukaşewa: Gynansak-da, bu ýyl biziň uniwersitetimize kabul edilen türkmenistanly student ýok. Bizde okamaga isleg bildirip, diňe bir gyz dokument tabşyrdy. Onuň bilen köp hat alyşdyk, emma onuň diňe 9 ýyllyk bilimi bolany sebäpli, ony hem uniwersitetimize kabul edip bilmedik, çünki ýokary okuw jaýymyza okuwa girmek üçin 11 ýyllyk bilim gerek.

Azatlyk Radiosy: Öňki ýyllar kabul edilen türkmenistanly studentleriň sany näçedi?

Larisa Lukaşewa: Bu bir jedelli sorag. Mysal üçin, 2008-nji ýylda arzasyny tabşyran 137 studentden 60 sanysyny kabul eden bolsak, aýdyşym ýaly, bu ýyl Türkmenistandan kabul edilen okuwçy bolmady.

Uniwersitetimizde türkmenleriň sany ýyl-ýyldan azalýar. Mysal üçin, 2009-njy ýylda bize arzasy gowşan 147 okuwçydan 13 sanysyny, 2010-njy ýylda 9 sanysyndan 7-sini we 2011-nji ýylda diňe bir türkmenistanlyny kabul edipdik. Türkmenistanly studentleriň sanynyň azalmagynyň sebäbi hem bu ýurduň öň 9 we häzir 10 ýyllyk bilim derejesiniň Gyrgyzystanda kabul edilmeýänligi bilen baglanyşykly.

2008-nji ýylda kabul edilen türkmenistanly okuwçylaryň sany köp boldy, sebäbi olaryň Gyrgyzystandaky mekdeplerde okap, biziň attestatymyzy almagy üçin çykdajylary uniwersitetimiz tarapyndan tölenýärdi. Ondan başga-da, biz türkmen studentlerini ýörite stipendiýanyň esasynda kabul edýärdik, ýagny, eger ABŞ-da okap, orta mekdebiň attestatyny alan abiturientler bar bolsa, olaryň Amerikada okan bir ýylyny hem hasaba alyp, olary kabul edýärdik. Häzir ol maliýe kömegi ýatyryldy.

Mundan başga-da, bir problemamyz bar. Biziň studentlerimizi Türkmenistandan çykarmadylar. Olar kanikul döwri öýlerine gidenlerinde, yzlaryna gaýtmaga rugsat edilmän, köp ejir çekipdiler. Olaryň arasynda okuwlarynyň gutarmagyna bir ýyly galan 4-nji kursuň studentleri-de bardy. Şeýdip, olar öz bilimlerini biziň ýokary okuw jaýymyzda tamamlap bilmediler. Bu waka hem bize ýüzlenýän türkmenistanly studentleriň sanynyň ýyl-ýyldan azalmagynda uly rol oýnan bolsa gerek.

Azatlyk Radiosy: Siz maliýe kömegi ýatyryldy diýdiňiz, onuň sebäbi näme?

Larisa Lukaşewa: Bu grant, ýagny, maliýe kömegi emeli usul bilen ýatyryldy. Bu grant dowan etmelidi, emma 2009-njy ýylda studentler ýurtdan çykarylmady. Bizde olaryň resminamalaram bardy, ekzamenleri hem geçiripdik, hemme zat bolmalysy ýaly edilipdi, emma studentleri ýurtdan çykarmadylar. Olar bu ýere gaýdyp bilmänsoň, maliýe kömegini berer ýaly okuwçy hem ýokdy. Bu maliýe kömegi bilen Orsýete we Bolgariýa okuwa geçirilen studentlerimiziň okuw çykdajylaryny töledik.

Azatlyk Radiosy: Häzirki ýagdaýda uniwersitetiňizde türkmen okuwçylarynyň sanyny artdyrmak üçin nähili tagallalar edilýär?

Larisa Lukaşewa: Biz başda köp tagalla etdik. Dynç alşa öýlerine gidip, soňra okuwyny dowam etdirmäge goýberilmedik talyplary başga uniwersitetlere geçirmek üçin köp iş alyp bardyk. Uniwersitetler bilen gepleşikler geçirdik.
Olaryn bir bölegi Orsýetiň Smolnyý uniwersitetine geçirilen bolsa, galanlary Bolgariýadaky Amerikan uniwersitetine geçirildi.

Olara okuwlaryny dowam etdirip biler ýaly uniwersitetleri gözledik. Emma olaryň Gyrgyzystana goýberilmeýänligi üçin tagalla etmegiň geregi ýok. Çünki talyplar bize hut şu sebäpli öz garyndaşlaryna basyş edilýänligini aýdypdylar. Onsoň olaryň ýagdaýyny kynlaşdyrmajak bolup, biz bu ugurdaky synanyşyklarymyzy bes etmeli bolduk.
XS
SM
MD
LG