Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran güýçli ýer yranma bilen ýüzbe-ýüz boldy


Eýranyň Gündogar Azerbaýjan prowinsiýasyndaky obalardan birinde ýer yranmanyň döreden ýykan-ýunrançylyklary. 12-nji awgust, 2012.
Eýranyň Gündogar Azerbaýjan prowinsiýasyndaky obalardan birinde ýer yranmanyň döreden ýykan-ýunrançylyklary. 12-nji awgust, 2012.
Halas ediş toparlary Eýranyň demirgazyk-günbatar regionynda şenbe güni ýüz beren güýçli ýer yranmadan soň, gözleg we halas ediş işlerini dowam etdirýärler.

Şenbe güni öýlän Eýranyň bu regionynda yzly-yzyna iki sany uly ýer sarsgyny ýüz berdi we soňra birnäçe ýeňil sarsgynlar hem duýuldy.

Deslapky maglumatlarda ölen adamlaryň häzirki sanynyň azyndan 250 töweregidigi we ýaralananlaryň sanynyň bolsa 1 müň 800-den gowrakdygy aýdylýar. Emma halas ediş işleriniň barşynda bu sanlar has-da artar diýlip garaşylýar.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, ýerli wagt bilen 16 sagat 53 minutda ýüz beren we güýji 6.2 bal bolan ýer yranmanyň episentri Azerbaýjanyň serhet ýakasyna golaý Ahar obasynda bolupdyr. Ýer yranmanyň netijesinde Tabriz şäheriniň töwereklerindäki köp obalarda uly ýykan-ýumrançylyklaryň bolandygy habar berilýär.

Birleşen Ştatlaryň Geologiki gullugy Eýrandaky bu ýer yranmanyň episentrinde ýer sarsgynynyň güýjüniň Rihter ölçeginde 6.3 we 6.4 bal töweregi bolandygyny habar berýär.

110 sany oba zyýan ýetdi

Eýranyň içeri işler ministriniň orunbasary Hassan Kadami bu ýer yranmanyň netijesinde ýurduň demirgazyk-günbatar regionynda 110 sany oba zyýan ýetendigini aýdýar. Ýöne näçe adamyň öýsüz-öwzarsyz galandygy barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.

Eýranyň Gündogar Azerbaýjan prowinsiýasyndaky obalardan birinde ýer yranmadan ejir çeken adamlar. 12-nji awgust, 2012.
Eýranyň Gündogar Azerbaýjan prowinsiýasyndaky obalardan birinde ýer yranmadan ejir çeken adamlar. 12-nji awgust, 2012.
Bu tebigy heläkçiligiň netijesinde köp obalardaky telefon we aragatnaşyk liniýalaryna uly zyýan ýetendigi aýdylýar. Maglumata görä, bu ýagdaý öz gezeginde halas ediş işlerinde käbir kynçylyklary döredýär. Regionyň esasy şäheri bolan Tabriz şäherinde-de telefon aragatnaşyklarynda bökdençlikleriň ýüze çykandygy habar berilýär.

Ýurduň häkimiýetleri ýer sarsgynlarynyň gaýtalanmak howpundan ätiýaç edip, bu regionyň ilatyny şenbe gününden ýekşenbe gününe geçilýän gije daşarda galmaklyga çagyrdy.

Halkara Gyzyl Haç Komiteti ýer yranmadan ejir çeken ilatly punktlarda ýaralanan adamlara gyssagly bejergi bermek maksady bilen, göçme bejeriş punktlaryny açmakçydygyny aýdýar.

Eýranyň käbir regionlary seýsmiki taýdan aktiw zonalarda ýerleşýär we yzygiderli ýer yranmalar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär. 2003-nji ýylda ýurduň günorta-gündogaryndaky Bam şäherinde ýüz beren güýçli ýer yranmada 25 müň töweregi adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG