Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Şwesiýanyň Minskidäki ilçihanasy şwedleri habardar bolmaga çagyrdy


Şwesiýanyň Minskidäki ilçihanasy. 2012 ý.
Şwesiýanyň Minskidäki ilçihanasy Belarusda ýaşaýan şwed raýatlaryna seresap bolmaklary üçin duýduryş berdi. Mundan öň, näbelli adamlar tarapyndan Belarusdaky şwed raýatlaryna haýbat atylypdy.

Ilçihananyň web sahypasynda “Belarusa sapar edýän Şwesiýanyň raýatlarynyň seresap we hüşgär bolmaklary üçin düýpli esaslar bar” diýlip nygtalýar.

Geçen aý Şwesiýanyň kärhanasy tarapyndan kireýine alnan hususy uçardan Belarusa demokratik çagyryşly oýunjak aýylylar zyňylandan soň, iki ýurduň özara gatnaşyklary ýitileşipdi. Munuň netijesinde Şwesiýanyň Minskidäki diplomatlary hem ýurtdan çykarylypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG