Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Robert Bleýk Özbegistanyň resmileri bilen gepleşik geçirer


Çarşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa regionlary boýunça kömekçisi Robert Bleýk Özbegistana sapara barýar.

Dört gün dowam etjek bu saparyň barşynda Robert Bleýkiň Özbegistanyň ýokary derejeli resmileri bilen gepleşik geçirjekdigi habar berilýär.

Maglumata görä, bu gepleşiklerde özbek-amerikan gatnaşyklary, “Täze ýüpek ýoly” boýunça strategik planlar, NATO güýçleriniň Owganystandan çykmagy bilen baglanyşykly Merkezi Aziýadaky durnuklylyk meseleleri ýaly ençeme mesele gün tertibinde bolar. Bu saparyň öňýany Robert Bleýk Gazagystanda-da saparda boldy.
XS
SM
MD
LG