Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hamid Karzaý hüjümler bilen bagly Pakistanyň prezidentine ýüzlendi


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bu ýurduň territoriýasyna edilýän hüjümleri bes etmeklige çagyryp, sişenbe güni Pakistanyň prezidentine ýüzlendi.

Bu barada prezident administrasiýasynyň ýaýradan beýanatynda iki ýurduň prezidentiniň Mekke şäherinde Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň geçirýän maslahatynyň çäklerinde duşuşandyklary aýdylýar.

Bu resmi maglumata görä, bu duşuşykda prezident Hamid Karzaý bilen prezident Asif Ali Zardari Pakistan tarapyndan Owganystanyň serhet ýakalaryna edilýän hüjümler bilen baglanyşykly ýagdaýlary öwrenmek üçin ýörite özara delegasiýa düzmekligi ylalaşypdyrlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG