Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti birnäçe täze permana gol çekdi


Anna güni Aşgabatda geçirilen nobatdaky hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti birnäçe täze permana gol çekdi.

Bu gol çekilen permanlaryň hatarynda ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, ýerli häkimiýet organlarynyň we banklaryň ýolbaşçylarynyň birinji orunbasarlarynyň wezipelerini üýtgetmek baradaky perman hem bar.

Bu permana laýyklykda, bu ýolbaşçylaryň birinji orunbasarlary indi olaryň adaty orunbasarlary hökmünde atlandyrylar.

Mundan daşary, prezident Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde täze memorial kompleksini gurmak baradaky permana-da gol çekdi.

Bu memorial kompleksi üç bölekden ybarat bolup, onuň birinji bölegi dürli uruşlarda wepat bolan türkmenistanlylaryň hormatyna, ikinji bölegi 1948-nji ýylyň ýer yranmasynyň pidalaryna, üçünji bölegi bolsa uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken türkmenistanly aýal-gyzlaryň hormatyna bagyşlanar.
XS
SM
MD
LG