Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende Baýram namazy wagty edilen hüjümde azyndan ýedi adam öldi


Ýemende ýaragly söweşiji Remezan aýynyň gutarmagy mynasybetli metjide ýygnan adamlara hüjüm etdi. Gowuşýan maglumatlara görä, wakada azyndan ýedi adam ölüpdir.

Resmileriň sözlerine görä, ýekşenbe güni Dhale şäherinde amala aşyrylan şol hüjümde başga-da azyndan 10 adam ýaralanypdyr.

Metjide hüjüm eden adamy ele salmak başartdy. Resmileriň bellemegine görä, ol adamyň hiç bir yslamçy toparlar bilen ilteşigi ýok.

Şeýle-de ýekşenbe güni Ýemeniň Abýan welaýatynda janyndan geçen bir hüjümçi özüni partlatdy. Bu wakada azyndan üç adam öldi.
XS
SM
MD
LG