Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Pussy Riot" toparynyň agzalary Putinden günäleriniň geçilmegini soramazlar


Orsýetde türme tussaglygyna höküm edilen “Pussy Riot” toparynyň üç agzasy prezident Wladimir Putinden günäsiniň geçilmegini soramajakdygyny aýtdy.

“Pussy Riot” toparynyň agzalarynyň aklawçysy Nikolaý Polozow özüniň müşderileriniň “goý olar özleriniň günä geçişleri bilen güme gitsinler” diýen sözlerini mälim etdi.

Emma Polozow “Pussy Riot” toparynyň agzalarynyň aklawçylary suduň çykaran hökümini Orsýetiň ýokary we konstitusion sudlarynda, şeýle-de düýbi Strasburgda ýerleşýän Adam hukuklary boýunça Ýewropanyň sudunda şikaýat etjekdiklerini hem sözünde goşdy .

Geçen anna güni sud “Pussy Riot” toparynyň agzalaryny dini ýigrenje esaslanýan huligançylykda günäli tapyp, olary iki ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi. Olar şu ýylyň mart aýynda Moskwanyň merkezi hristian ybadathanasynyň içinde prezident Putiniň dolandyryşyny ýazgaryjy kinaýaly protest aýdymy bilen çykyş edenlerinde, tussag edilipdiler.
XS
SM
MD
LG